Hukuk, Ulanyş we Gizlinlik düzgünnamasy
1. 'www.telimnokat.com.tm' Platformasynyň Hukuk, Ulanyş we Gizlinlik Düzgünnamasy:
1.1. Bu resminama 'www.telimnokat.com.tm' (mundan beýläk 'Platforma', 'Biz' ýa-da 'Ulgam') bilen ondan peýdalanýan ähli müşderileriň (ulanyjylaryň) we satyjylaryň (onlaýn dükan eýeleriniň) arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän, taraplaryň hukuklaryny we borçnamalaryny kesgitleýän resmi we hukuky ylalaşykdyr. Platformanyň haýsydyr bir hyzmatyndan peýdalanmak ýa-da hasap açmak bilen, Siz aşakdaky ähli şertler bilen ylalaşýandygyňyzy we düzgünleri doly, gürrüňsiz kabul edýändigiňizi we aşakdaky şertlerde göz öňünde tutulmadyk beýleki ýagdaýlar esasynda programmany Türkmenistanyň kanunyna laýyklyk esasynda dogry ulanjakdygyňyzy tassyklaýarsyňyz.
2. Umumy düzgünler, Platformanyň Hukuk Statusy we Jogapkärçiligiň Çäkleri:
2.1. 'Platformanyň maksady we hukuk ýagdaýy: Platformamyz müşderiler bilen satyjylary bir ýere jemleýän köp satyjyly elektron söwda (e-söwda) aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ulgamydyr. Häzirki wagtda Android programmasy we tanyşdyryş web sahypasy hökmünde hyzmat edip, geljekde iOS ulgamyny hem öz içine alar. Biz gönüden-göni haryt öndüriji däl-de, söwda amallarynyň amala aşyrylmagy üçin innowasion tehnologik meýdançany üpjün edijidiris.
2.2. Jogapkärçiligiň paýlanyşy we adalatlylyk ýörelgeleri: Ulgamymyzyň esasy wezipesi — hyzmatlary iň ýokary tehnologik we howpsuzlyk standartlaryna laýyklykda hödürlemekdir. 'Platforma' öz üstüne düşýän tehniki üpjünçilik jogapkärçiliginden boýun gaçyrmaýar. Söwda amallary wagtynda ýüze çykyp biljek islendik tehniki bökdençliklerde ýa-da taraplaryň arasyndaky jedellerde, Platforma bitarap we garaşsyz tarap hökmünde çykyş edip, adalatly çözgüt tapylmagy we taraplaryň maddy ýitgileriniň öňüniň alynmagy üçin kanunçylygyň çäklerinde ähli zerur çäreleri görýär.
2.3. Şertnamanyň üýtgedilmegi we güýje girmegi: Platformanyň dolandyryş topary, hyzmatlary kämilleşdirmek, täze tehnologik çözgütleri ornaşdyrmak ýa-da kanunçylyk talaplaryna laýyklaşdyrmak maksady bilen, islendik wagt öňünden duýdurmazdan bu şertnama bir taraplaýyn üýtgetmeler we goşmaçalar girizmäge haklydyr. Täzelenen şertler platformada yglan edilen pursadyndan güýje girýär we ähli ulanyjylar üçin hökmany ýerine ýetirilmeli resminama hasaplanýar.
3. Müşderileriň (Ulanyjylaryň) Şertleri, Hukuklary we borçnamalary:
3.1. Hasaba almak we şahsy maglumatlaryň takyklygy: Müşderiler platformadan peýdalanmak üçin Google ulgamy ýa-da SMS OTP (bir gezeklik tassyklama kody) öz ulanýan telefon nomeri arkaly hasap açmaga borçludyr. Hasaba alnanda welaýat we şäher maglumatlaryny girmek hökmany şertdir; bu maglumatlar logistika kadalaryna laýyklykda şol sebitdäki iň amatly, degişli takyk harytlary we onlaýn dükanlary görkezmek üçin ulanylýar. Müşderi öz girizen maglumatlarynyň takyklygyna doly jogapkärdir.
3.2. Maglumatlaryň ýygnalmagy we Gizlinlik Syýasaty: Ulgamyň howpsuzlygyny üpjün etmek, ulanyjy tejribesini kämilleşdirmek we bikanun gatyşmalaryň öňüni almak maksady bilen telefon belgisi, Gmail salgysy, enjam (device) ID-si, operasion ulgamyň wersiýasy we telefonyň markasy ýaly tehniki maglumatlar ýygnalýar. Bu maglumatlar doly gizlin saklanylýar we hiç hili ýagdaýda üçünji taraplara (şahsyýetlere) satylmaýar ýa-da berilmeýär.
3.3. Galp sargytlar we sargyt etme kadalarynyň bozulmagy: Söwda ulgamynyň durnuklylygyny goramak maksady bilen, müşderiler tarapyndan bilkastlaýyn galp, ýalan sargytlaryň döredilmegi, satyjylaryň we logistika ulgamynyň esassyz eýelenmegi düýbünden gadagandyr. Şeýle bikanun hereketler we hilegärlikler ýüze çykarylan ýagdaýynda, müşderiniň hasaby platformadan wagtlaýyn ýa-da hemişelik togtadylar.
3.4. Salgylar, anonimlik we şahsy mahabatlandyrma: Ulgam tarapyndan ilki awtomatiki döredilen ulanyjy ady müşderiniň islegine görä üýtgedilip bilinýär. Müşderiniň 'Salgylar' bölüminde görkezen takyk ýaşaýyş ýa-da iş ýeri we telefon belgisi diňe logistika (sargydy eltip bermek) maksady bilen sargyt edilen onlaýn dükän bilen paýlaşylýar. Müşderileriň halan harytlary we yzarlaýan dükanlary baradaky maglumatlar satyjylara müşderiniň ady aýdylmazdan (anonim statistika) görkezilýär.
3.5. Özüňi alyp barşyň kadalary we Teswirler: Müşderiler platformada harytlar ýa-da dükänler barada teswir ýazanlarynda we baha berenlerinde sypaýyçylyk kadalaryny berjaý etmäge borçludyr. Kemsidiji, ahlaksyz, başga biriniň abraýyna zeper ýetirýän sözleri ulanmak gadagandyr; şeýle teswirler pozulýar we ulanyjynyň hasaby çäklendirilip bilinýär.
4. Satyjylaryň (dükan eýeleriniň) şertleri, borçnamalary we söwda kadalary:
4.1. Satyjynyň hasaba alynmagy we tassyklama tertibi: Satyjylar platformada diňe 'telimnokat.com.tm' dolandyryş topary bilen ýüzbe-ýüz ylalaşyk baglaşylandan we telefon belgisi OTP arkaly tassyklanandan soňra hasap açyp bilerler. Ulgama diňe kepillendirilen we barlagdan geçen dükanlar goşulýar.
4.2. Müşderi maglumatlarynyň berk Gizlinligi we Maksada laýyk ulanylyşy: Satyjylar sargyt resmileşdirilende özlerine berlen müşderiniň takyk salgysyny we telefon belgisini diňe we diňe sargydy wagtynda eltip bermek (logistika) maksady bilen ulanmaga borçludyr. Bu maglumatlary beýleki dükanlara bermek, satmak, müşderini platformadan daşary biynjalyk etmek ýa-da başga mahabat maksatlary bilen ulanmak düýbünden gadagandyr. Bu düzgüniň bozulmagy we müşderi tarapyndan edilen şikaýatlar esasynda onlaýn dükan hasaby wagtlaýyn ýa-da hemişelik togtadylar.
4.3. Habarnamalar we Aragatnaşyk Ulgamy: Satyjylar sargydyň logistika ýagdaýy (taýýarlanýar, ýolda, gowşuryldy) barada müşderä platformanyň içindäki ulgam arkaly bir taraplaýyn habar ibermäge haklydyr.
4.4. Gadagan edilen, Bikanun we Galp Harytlar: Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda dolanyşygy gadagan edilen önümleri (şol sanda neşe serişdeleri, howply himiki maddalar we beýleki gadagan edilen harytlar), şeýle hem hili pes bolan önümleri platformada ýerleşdirmek we satmak düýbünden gadagandyr. Satyjylar goşýan harytlarynyň hiline we kanunylygyna doly jogapkärdirler. Galp haryt ýüze çykarylan ýagdaýynda ähli maddy we kanuny jogapkärçilik satyjynyň üstüne ýüklenýär we şertnama ýatyrylýar.
4.5. Abonent tölegi we Komissiýa Ulgamy: Satyjylar platformanyň söwda we maglumat ulgamyndan peýdalanandygy üçin, özara baglaşylan ylalaşyga laýyklykda bellenilen komissiýany we abonent (abunalyk) tölegini wagtynda geçirmäge borçludyr.
4.6. Baha Kesgitlemek we Arzanladyş hukuklary: Satyjylar öz alyjylaryny (müşderilerini) höweslendirmek maksady bilen, olara ýörite arzanladyşlar we teklipler ugradyp bilerler. Bu aýratynlyk arkaly satyjylar öz onlaýn dükanyny yzarlaýan ýa-da harytlaryny 'Halanlar' sanawyna goşan müşderilere awtomatiki ýagdaýda arzanladyş ulgamyndan peýdalanyp bilerler. Bu amal, 3.4-nji maddada görkezilişi ýaly, müşderiniň şahsy we gizlin maglumatlary satyja aýan edilmezden amala aşyrylýar.
5. Sargyt etmek, töleg şertleri we maliýe howpsuzlygy:
5.1. Töleg Görnüşi we Öňünden Töleg (Awans) Kadalary: Häzirki wagtda platformada onlaýn töleg ulgamy ýokdur. Düzgünleşdirilen kadalara laýyklykda, ähli amallar haryt gowşurylanda nagt hasaplaşyk (elden) görnüşinde amala aşyrylýar. Müşderileriň maliýe taýdan aldanmazlygy we hilegärligiň öňüniň alynmagy üçin, ýerli (Türkmenistanyň içindäki) sargytlarda satyjylaryň haryt müşderiniň eline gowuşmazdan öň öňünden töleg (telfon nomer arkaly ýa-da kart arkaly öňünden töleg) talap etmegi gadagandyr.
5.2. Daşary ýurt sargytlarynda töleg şertleri: Daşary ýurtdan import edilýän we gowşurylyş möhleti adatça 10-20 güni eýeleýän ýörite sargytlar üçin satyjylar kepillik hökmünde belli bir möçberde öňünden töleg (awans) talap edip bilerler. Bu ýagdaýda öňünden tölegiň şertleri satyjy bilen müşderiniň özara ylalaşygy we ynamy esasynda amala aşyrylýar.
5.3. Sargydyň tassyklanmagy we güýje girmegi: Sargydyň resmileşdirilmegi we logistika amalynyň başlamagy üçin, sargyt edilen pursadyndan soňra satyjylar tarapyndan müşderilere (sargyt berijä) telefon arkaly jaň edilip tassyklanmagy bolup biler. Sargydy jaň edip tassyklamak hereketini satyjy özünde saklaýar (eger hemişelik müşderisi bolsa jaň edmesiz sargydy tassyklap biler).
6. Harydy yzyna gaýtarmak we çalyşmak şertleri:
6.1. Yzyna gaýtarylmaýan harytlaryň kategoriýasy: Satyjylar ulgama haryt girizenlerinde, ony hususyýetine görä 'Yzyna gaýtaryp bolýan' ýa-da 'Yzyna gaýtaryp bolmaýan' diýip toparlara bölmäge haklydyr. Esasan hem daşary ýurtdan müşderiniň hususy islegine görä ýörite getirilýän harytlar (eger kemçilikli, ýa-da ýalňyş haryt bolmasa) satyjynyň esassyz maddy zyýan çekmezligi üçin yzyna alynmaýar. Müşderi sargyt edende bu şerti kabul edýär.
6.2. Yzyna gaýtarmagyň şertleri: Harydy yzyna gaýtarmak ýa-da çalyşmak islegi ýüze çykanda, haryt diňe satyjy tarapyndan nähili gowşurylan bolsa, şol arassa we asyl (original) ýagdaýynda (döwülmedik, hapalanmadyk, ulanylmadyk, ýyrtylmadyk we daşky gabyna zeper ýetmedik) bolmalydyr. Müşderiniň peýdalanmagy netijesinde zeper ýeten ýa-da harydyň harytlyk görnüşi ýiten ýagdaýynda yzyna gaýtarmak amaly inkär edilip bilner.
6.3. Harydy çalyşmak we tölegi yzyna gaýtarmak: Eger-de harytda önümçilik (zawod) kemçiligi, zaýalyk ýa-da sargyt edilenden tapawutly harydyň gowşurylmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çyksa, satyjy ilki bilen şol harydy dessine täzesi (gurat we dogry haryt) bilen çalyşmaga borçludyr. Eger harydy çalyşmak mümkinçiligi ýok bolsa, müşderiniň tölän pul serişdesi satyjy tarapyndan doly we bökdençsiz yzyna gaýtarylmalydyr.
7. Tehniki üpjünçilik, kiberhowpsuzlyk:
7.1. Kiberhowpsuzlyk we Ulgamyň Goragy: 'Biz', ulgamyň howpsuzlygyny üpjün etmek, şahsy we maddy maglumatlary goramak üçin iň ýokary derejeli kod ýazuw, maglumat arassalaýyş we gorag standartlaryny ulanýarys we kämilleşdirýäris.
7.2. Biz, platformanyň kiberhowpsuzlygyny iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün etmek üçin ähli tagallalary edýäris. Emma global maglumat we internet ulgamynda kiberhowsuzlygyň 100% kepilligiň obýektiw taýdan mümkin däldigini taraplaryň oýlanyşykly we düşünmek bilen kabul etmegini haýyşt etýäris. Biziň gözegçiligimizden we erk-islegimizden daşarda bolup geçen, öňüni alyp bolmaýan ýagdaýlar – şol sanda üçünji taraplaryň bikanun, rugsatsyz gatyşmalary (kiber hüjümler), garaşylmadyk tehniki serwer näsazlyklary ýa-da obýektiw kynçylyklar zerarly maglumatlaryň syzmagy ýüze çykan halatynda, taraplaryň bu ýagdaýlara adalatly we oňyn çemeleşmegini haýyş edýäris. Şeýle tehniki näsazlyk ýagdaýlarynda ýüze çykan gytaklaýyn maddy ýa-da hukuky kynçylyklar üçin Platformany gönüden-göni günäkär hasaplamazlygyňyzy we birek-birege düşünişmek arkaly hereket etmegiňizi soraýarys. Muňa garamazdan, biz şeýle kynçylyklarda hiç wagt çetde durmaýarys; Platforma özüniň ähli tehniki toparyny, ylym-bilimini we serişdelerini gyssagly ýagdaýda ulanyp, ýüze çykan näsazlygy iň gysga möhletde aradan aýyrmagy, ulgamyň işini doly dikeltmegi we taraplaryň bähbitlerini goramagy öz üstüne borç edip alýar. Biziň iň esasy maksadymyz – islendik kyn ýagdaýda kemçilikleri tizden-tiz düzetmek we siziň ynamyňyzy saklamakdyr.
8. Jedelleriň çözülişi we hukuk düzgünleri:
8.1. 'Platformanyň garaşsyzlyk ýörelgesi: Platforma, müşderi bilen satyjynyň arasynda ýüze çykýan şertnamalaýyn maliýe we haryt alyş-çalyş gatnaşyklarynda diňe maglumat çalşygyny üpjün edijidir. Söwda amalyndaky esasy jogapkärçilik şol iki tarapyň (satyjy we müşderi) özüne degişlidir. Muňa garamazdan, hilegärlik ýa-da hukubozarlyk ýüze çykanda, Platforma adalatlylygy dikeltmek üçin düzgün bozan tarapyň hyzmatlaryny çäklendirmek we degişli maglumatlary ygtyýarly edaralar bilen paýlaşmak hukugyny özünde saklaýar.
8.2. Özara Ylalaşyk we Kazyýet Tertibi': Bu şertnama Platforma, satyjy, ulanyjy arasyndaky düşünsmezlikleri ortadan aýyrmak, adalatly we dogry netije bermek, taraplaryň hukuklaryny goramak we Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklyk esasynda hereket etmek maksatly düzülendir we dolandyrylýar. Müşderi, satyjy we Platformanyň arasynda ýüze çykyp biljek islendik jedelli meseleler, esassyz ýagdaýda kazyýet edaralaryna ýüz tutmazdan öň, hökmany suratda gepleşikler we özara ylalaşyk ýoly bilen çözülmelidir.
Baş Sahypa